Oba hojalyk önüm öndürijilerine goldaw
1378
16.04.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy ykdysady, medeni we syýasy taýdan ösdürmek, milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrmak bilen  birlikde  oba senagaty toplumyny ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň hasabyna ösdürmek, ýurdumyzyň içerki bazarlarynda azyk bolçulygyny döretmek we oba senagat toplumynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak barada oňyn işler amala aşyrylýar.

Bu babatda, ýurdumyzda bugdaý we pagta hasyllaryny we beýleki oba hojalyk önümlerini  öndürijilerine döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw bermegiň çäklerinde, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna dünýäniň iň ösen, kämil tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň satyn alnyp berilmegi, kärendeçilerimiziň suw we ýeri gurplandyryjy mineral dökünler bilen hem-de zerur bolan beýleki önümçilik serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, şeýle hem ýeňillikli bank karzlarynyň berilmegi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini galkyndyrmak barada edýän bimöçber aladalarynyň aýdyň şaýadydyr.

Oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde, ýurdumyzda her ýylda uly üstünlikler we yzygiderli ösüşler gazanylýar.         

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 15-nji martynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde  ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi hem-de ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda” 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2000 manat möçberinde, nah pagtanyň bir tonnasynyň satyn alyş bahasy ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 000 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 550 manat, ýüpek pagtanyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş  bahasy ýygymyň başlanýan   gününden   15-nji   oktýabra çenli 6 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 400 manat,   15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 100 manat möçberinde ýokarlandyrylmagy şeýle hem pagta hasylynyň el bilen ýygylmagy üçin nah pagtanyň bir kilogramyna bir manat we ýüpek pagtanyň bir kilogramyna bir manat  ýigrimi teňňe manat möçberinde bellenilmegi önüm öndürijileriň başyny göge ýetirdi. 

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna berýän goldawlarynyň netijesinde,  ýurdumyz  boýunça oba hojalyk önümleriniň öndürilişi ýyl geldigiçe artýar we şonuň netijesinde bolsa oba hojalyk önümlerini öndüriji  babadaýhanlarymyzyň  girdejileri has-da köpelip, olaryň durmuş-ýaşaýyş ýagdaýlary ýyl geldigiçe barha gowulanýar.

 “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda   ýurdumyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hakynda edýän ýadawsyz aladalary üçin, oba hojalyk önümlerini öndüriji  kärendeçilerimiziň  ählisiniň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden bildirýän minnetdarlyklarynyň we hoşallyklarynyň çägi ýok.

Türkmen halkymyzy bagtyýar durmuşda bolçulykly ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!


Neder Nederow,
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet
täjirçilik bankynyň Karz syýasaty müdirliginiň
Oba hojalyk önümçiligini karzlaşdyrmak 
bölüminiň başlygy