TDTB "Daýhanbank" kiçi göwrümli karzlary hödürleýär
tnHXVTTxE5HFMp1gkw2oxY3qScQVahWlhHbg9aIg7pL5lrDG7p_1623388725.jpg
6251
11.06.2021

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, ýurdumyzyň raýatlaryna (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksatlaryna nagt däl görnüşinde kiçi göwrümli karzlary hödürleýär:

  • Karzyň möçberi - 30 000 (otuz müň) manada çenli;
  • Karzyň göterimi - ýyllyk 10 (on) göterim;
  • Karzyň möhleti - 3 (üç) ýyla (alty aý ýeňillikli döwri bilen) çenli;
  • Karzyň üpjünçiligi - tölege ukyply üçünji tarapyň zamunlygy ýa-da girew emlägi.

Kiçi göwrümli karzlaryň amatlyklaryndan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

  • Aşgabat şäheri - 38-03-79, 38-03-65;
  • Ahal welaýaty - (8-00 137) 33-4-39;
  • Balkan welaýaty - (8-00 246) 5-21-51;
  • Daşoguz welaýaty - (8-00 322) 9-35-07;
  • Lebap welaýaty - (8-00 422) 9-13-48;
  • Mary welaýaty - (8-00 522) 6-76-40.