«Daýhanbank»: döwrüň talaplaryndan ugur alyp
804
31.07.2024

Gallaçylar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýeti has-da kuwwatlandyrmak, şol sanda oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu pudagy ykdysadyýetimiziň girdejili pudaklarynyň birine öwürmek we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, uly sepgitlere ýetilip, mynasyp zähmet üstünlikleri gazanylýar.

       Pudaga dünýäniň iň kämil tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň, suw tygşytlaýjy tehnikalarynyň alnyp berilmegi, kärendeçilerimiziň suw we mineral dökünler, zerur bolan beýleki önümçilik serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, şeýle hem oba hojalyk önüm öndürijilerine döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlaryň berilmegi olary goldamak babatda edilýän aladalaryň aýdyň güwäsidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasynyň 2000 manat möçberinde bellenilmegi aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär.

      Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 21-nji awgustyndaky «Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyz boýunça 690 müň gektar meýdana bugdaý ekilip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny tabşyrmak bellenildi. Diýarymyzyň welaýatlarynyň ählisinde önüm öndürijiler tarapyndan saçagymyzyň berekedi bolan bugdaýyň bol hasyly ýetişdirilip, döwlet tarapyndan bellenilen arzyly sepgide ýetildi. 2024-nji ýylyň 10-njy maýynda kabul edilen «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Karara laýyklykda, şu ýylyň bugdaý hasylyny gysga wagtyň içinde tiz we ýitgisiz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek bellenildi. Bu bolsa gallaçylaryň gaýratly zähmet çekip, bugdaý hasylynyň öz wagtynda ýygnalmagyna uly goldaw berdi. 2024-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin gallaçylaryň zähmet haklarynyň hiç bir bökdençsiz, öz wagtynda berilmegi olaryň halal zähmete bolan höwesini has-da ýokarlandyrýar.

       Şu ýylyň bugdaý hasylynyň hasaplaşyklarynyň guramaçylykly geçirilmegi üçin, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň etrap şahamçalarynda «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň garamagyndaky kärhanalara ýeňillikli karz ugurlary açyldy hem-de önüm öndürijilere gazanan girdejileriniň wagtynda hem-de hiç bir bökdençsiz geçirilmegi ýola goýuldy. Bugdaý hasylynyň gutarnykly hasaplaşygynyň öndürijileriň bank kartlaryna we hasaplaşyk hasaplaryna serişdeleriň geçirilmegi arkaly amala aşyrylmagy, ýurdumyzyň beýleki raýatlary bilen bir hatarda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hem bankomatlaryň, bank terminallarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Döwlet tabşyrygyna degişli bolan bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllary ýyl-ýyldan artyp, oba hojalyk önümlerini öndüriji daýhanlarymyzyň girdejileri has-da köpelýär, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň daýhanlarynyň gaýratly zähmet çekip, ýokary sepgitlere ýetmegi, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegi ähli halkymyzy çäksiz guwandyrdy. Oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hakynda edýän ýadawsyz aladalary üçin daýhanlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklary egsilmeýär.

Döwrebap hyzmatlar, ýeňillikli karzlar

       Häzirki wagtda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň 51 şahamçasy, 9 bank gullugy hereket edýär. Bankymyz oba hojalyk pudagynda karzlaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçiliklere zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek üçin nagt däl görnüşinde kiçi möçberli karzlar berilýär. Bu karzyň möçberi 30 müň manada çenli bolup, göterimi ýyllyk 10 göterim, möhleti 3 ýyla (alty aý ýeňillikli döwür bilen) çenlidir. Karzyň üpjünçiligine tölege ukyply üçünji tarapyň zamunlygy ýa-da girew emlägi alynýar.

        «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky öz müşderilerine 2 göterim «Cash-back» hyzmatyny hem amala aşyrýar. Ol «Goýum bank karty» we önüm öndürijilerimiz üçin niýetlenen «Altyn asyr» bank kartlaryna birikdirilendir. «Goýum bank karty» raýatlaryň erkin duran nagt pul serişdelerini banka çekmek hem-de ilaty durmuş taýdan goldamak maksady bilen işlenip düzüldi. Bu bank kartynyň aýratynlygy oňa milli manatda çäklendirilmedik möçberde nagt serişdeler kabul edilýär we duran serişdesiniň üstüne ýyllyk 5 göterim hasaplanyp geçirilýär. Raýat pul serişdesini bankomadyň üsti bilen bellenen çäk esasynda nagt alyp we nagt däl görnüşinde bankomatlaryň, töleg terminallarynyň üsti bilen tölegleri geçirmekde ulanyp bilýär. Mundan başga-da, daýhanlarymyzy goldamak maksady bilen, «Galkynan daýhan», «Altyn asyryň daýhany» ýaly goýumlar halka hödürlenýär.

       Döwlet täjirçilik bankymyz ýurdumyzyň raýatlaryna «Magtymguly Pyragy» atly möhletli goýumy hem hödürleýär. Bu goýum ýyllyk 11 göterim bilen 1 ýyl möhletli açylýar. Goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär. Şertnamanyň hereket edýän möhleti tamamlanandan soňra, goýumçynyň islegi boýunça pul serişdeleri nagt ýa-da nagt däl görnüşinde gaýtarylýar. Bu goýum şu ýylyň 30-njy iýulyna çenli açylýar.

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, sanly ulgamy ösdürmek, bank hyzmatlarynyň ugurlaryny giňeltmek, elektron tölegleriň görnüşlerini artdyrmak, menzilara bank hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça bankymyz tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň fiziki şahslar üçin «Menzilara bank» ulgamyny ulanyşa girizmek boýunça teklibini goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bank hyzmatlarynyň bu görnüşi nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine ýardam berýär. Fiziki şahslar üçin niýetlenen «Menzilara bank» ulgamy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan hem-de ýurdumyzyň çäginden daşarda saglygynyň barlanylmagy we bejerilmegi zerur bolan raýatlarymyz üçin milli puly daşary ýurt puluna çalyşmaga, şol sanda halkara «Visa», «MasterCard» kartlarynyň hasaplaryny onlaýn görnüşde doldurmaga mümkinçilik berýär.

      «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmak üçin raýatlarymyz banka bir gezeklik gelip, tölege degişli resminamalarynyň asyl nusgalaryny barlatmaly hem-de daşary ýurt pulunda goýum hasabyny açmak we ulanyjy döretmek barada ýüz tutmaly. Şeýlelik bilen, bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi internet sahypasynyň «Onlaýn töleg geçirmek» bölüminiň üsti bilen sanly hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanmak mümkin. «Menzilara bank hyzmaty» ulgamy ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly tölegleri geçirmäge, hasaplaryňyzyň galyndysyny barlamaga, olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň, depozitleriň töleg tertibini görmäge, karz serişdelerine gözegçilik etmäge, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşmaga hem-de dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu ulgamy birikdirmek isleýänler bankyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutup bilerler. Müşderiler tarapyndan degişli resminamalar doldurylandan soňra, bankdan ulanyjynyň adyny we açarsözüni alyp, ýörite internet sahypasyndaky salgylanma girizip, bu hyzmatdan peýdalanyp bolýar. Bu hyzmat ulgamy pul serişdelerini günüň islendik wagtynda ygtybarly dolandyrmaga hem-de wagty tygşytlamaga ýardam edýär.

        Ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilendir.


Neder NEDEROW,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik 

bankynyň Karz syýasaty müdirliginiň oba hojalyk 

önümçiligini karzlaşdyrmak bölüminiň başlygy