Talyp karzy
639
27.08.2024

Hormatly talyplar hem-de mähriban ene-atalar!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär:

«Talyp karzy»  ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň diňe degişli okuwynyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär. 

Karzyň möçberi:  42 000 manada çenli;

Göterim derejesi: ýyllyk 5 göterim;

Möhleti: 3 ýyl;

Karzyň üpjünçiligi hökmünde 15 000 manat möçberine çenli zamunlyk we ondan ýokary 42 000 manat möçberine çenli bolsa, girew kabul edilýär. 


Hormatly talyplar we ene-atalar! Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, «Talyp karzyndan» peýdalanmak isleýän müşderileriniň ýüztutmalaryny we degişli resminamalaryny bankyň resmi www.dayhanbank.gov.tm internet sahypasy arkaly onlaýn görnüşinde kabul edýändigini ýatladýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

Aşgabat şäheri - 38-03-79; 38-02-86; 24-44-55; 24-52-85;

Ahal welaýat şahamçasy - (8-00-137) 3-34-39;

Balkan welaýat şahamçasy - (8-00-246) 5-21-51;

Daşoguz welaýat şahamçasy - (8-00-322) 9-35-07;

Lebap welaýat şahamçasy - (8-00-422) 9-13-48;

Mary welaýat şahamçasy  - (8-00-522) 6-76-40.