Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.
Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri — talyplar, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmaga çagyryldy.
Maslahat köşgünde hakyky baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Gahryman Arkadagymyz köşgüň sahnasyna baryp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen ählihalk forumynyň wekilleri bilen mähirli salamlaşýar.
Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, biz merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýygnandyk diýip belledi. Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mähriban eneler, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşýarlar.
Şu ýyl biz şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belleýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu gün ykbalyny halkyň ykbaly bilen berk baglan akyldaryň arzuw eden zamanasynyň gelendigini buýsanç bilen nygtady. Berkarar Türkmenistan agzybirligiň hem-de rowaçlyklaryň ýurduna öwrüldi.
Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işi ýurdumyzy iň bagtly adamlar ýaşaýan hem zähmet çekýän kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde geçilen taryhy menzillere göz aýlamak, öňde durýan wezipeleri kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini berkitmek esasy maksadymyzdyr diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.
Dabaraly pursat gelip ýetýär: türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan edýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Umumymilli foruma gatnaşyjylaryň ählisi oňa öz seslerini goşýarlar.
Soňra wekiliýetleriň agzalaryndan gelip gowşan tekliplere laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň prezidiumy saýlanylýar. Milli Liderimiz olardan öz ýerlerine geçmeklerini haýyş edýär.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary we ýurdumyzyň ähli halkyny Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, merdana türkmen halkyna gülläp ösüş, bagtyýarlyk arzuw edip, forumyň wekilleriniň mejlisiň gün tertibi, serediljek soraglar bilen tanyşmaga mümkinçilik alandyklaryny belledi. Şeýle-de Milli Liderimiz gün tertibine hödürlenen soraglar we resminamalar boýunça teklipleriň, bellikleriň bardygy ýa-da ýokdugy bilen gyzyklandy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda we doly makullamagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanylýandygyny yglan etdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyz Türkmenistanyň geçen şöhratly ýoluny, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlara ýüzlenip, ýene-de sanlyja günden berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň ýokary derejede, giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Garaşsyzlyk mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bütin dünýäde ykrar edilmegidir. Ähli üstünliklerimiziň, beýik ösüşlerimiziň aýdyň ýoludyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler giň gerimi hem-de täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Bu özgertmeler döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşa geçirilýän syýasatyň ykdysady ugruna degip geçip, kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň daş-töwereklerinde, welaýatlarda tokaý zolaklarynyň, Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň, Garagumuň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagynyň, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan beýleki işleriň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, şäherdir obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek meselesine uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýändigine ünsi çekdi. Döwletimiz bu ugurda maksada okgunly işleri alyp barýar, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Biz bu işleri geljekde has-da ýokary depginde dowam etdirmelidiris diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýaryn. Bu Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar diýip pikir edýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Maliýe bazaryny ösdürmek, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmak hem döwrüň talabydyr. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň berk binýady bolan pul-karz, walýuta, maliýe, salgyt-býujet ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurmakda telekeçilerimiz uly işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň, kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli maksatnamasynyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýylda geçiriljek mejlisine 2026 — 2052-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini; döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny; sanly ykdysadyýeti; ulag diplomatiýasyny; medeni diplomatiýasyny; ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny; ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýalarynyň; intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň; 2030-njy ýyla çenli bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamalaryny hödürlemegi teklip etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk ýoluny dowam etdirmegi ýaş nesli beýik işlere ruhlandyrýar. Röwşen geljegi gurmak, döretmek işine işjeň gatnaşmak biziň üçin mukaddes borçdur diýip, çykyş eden aýtdy. Türkmen ýaşlary halkara olimpiadalara, ders bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezip, medallara, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. 2023-nji ýylyň ahyrynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanan ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat we köpugurly sergi ýaşlaryň kalbyna şatlyk paýlady. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge hyzmat edip, olary täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar. Ol çykyşynda asman jisimlerini öwrenýän “Kosmos-Ýer” jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine “Arkadag” diýip at berendikleri we bu baradaky güwänamanyň, teleskopyň hem-de onuň düşüren suratlarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy hakyndaky hoş habar barada-da durup geçdi.
Ilhalar mugallym Berdimuhamet Annaýewiň, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ömür ýollarynyň türkmen ýaşlary üçin watançylygyň ajaýyp nusgasydygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýörelgeleriniň ruhlandyryjy çeşmedigi bellenildi.
Maslahata gatnaşýan wekilleriň Halk Maslahatynyň şu gezekki taryhy mejlisinde kabul edilen çözgütleri ruhubelentlik bilen garşylandyklaryny nygtan S.Amanmyradow ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňde goýlan belent maksatlara ýetmäge öz mynasyp goşantlaryny goşjakdygyna ynandyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, talyp çykyşyny watançylyk goşgusy bilen jemledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ara alyp maslahatlaşmalaryň jemini jemläp, şu günki taryhy mejlisde döwlet we syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň örän möhüm soraglarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, şolar boýunça çykyşlaryň diňlenilendigini, mejlisde çykyş edenleriň ählisiniň öňe sürlen başlangyçlary goldandyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz çykyş edenleriň we ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.
Soňra gysga wagtlyk arakesme yglan edildi. Arakesmeden soňra, Halk Maslahatynyň mejlisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet Baştutanymyza söz berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary we ähli watandaşlarymyzy mähirli mübärekläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baş baýramymyzy — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny şanly wakalar we zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarys diýip belledi hem-de hemmeleri bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz belent sepgitlere ýetdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleri kesgitleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Biz döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp barýarys. Sebit we milli derejedäki maýa goýum taslamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi Diýarymyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz golaýda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga gowy şert döredendigini belledi. Biz geljekde hem maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan işlerimizi dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Biz ilatyň, aýratyn-da, ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaklary üçin berilýän ýeňillikli karz we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberini yzygiderli artdyrýarys. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurup, goşmaça durmuş ýeňilliklerini döredýäris. Bu taryhy özgertmeleriň ählisi mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu üstünlikler «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň netijesidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan eden ösüşlerimiz we täze maksatlarymyz biziň öňümizde uly wezipeleri goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we mähriban halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, geljek ýyl üçin bellenen sepgitlere hem abraý bilen ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.
Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ählihalk forumyna gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza rowaçlyklary arzuw etdi.
«Goý, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki at-abraýy mundan beýläk-de belent bolsun! Ýaşasyn Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri! Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!» diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemledi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de geljek üçin meýilnamalar baradaky çykyşy uly üns bilen diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem Garaşsyz Diýarymyzy toplumlaýyn ösdürmek baradaky resminamalara gol çekmegi haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli resminamalara gol çekdi. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ertir sylaglary gowşurmak dabaralarynyň geçiriljekdigini belledi.
Halk Maslahatynyň mejlisinde, däp bolşy ýaly, hormatly ýaşulularymyza we ene-mamalarymyza mynasyp bolan sylaglary gowşurylýar. Şoňa görä, Milli Liderimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurmak haýyşy bilen ýüzlendi.
Permanlary okamak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly adyna mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine hem-de dürli ulgamlarda çeken asylly zähmeti, ýaşlary watançylyk, halkymyzyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýeländikleri üçin «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolanlara sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurýar.
Hormatly ýaşulular, mähriban eneler mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç duýgusy bilen kabul edip, zähmetine berlen ýokary baha, mähriban halkymyzyň abadan durmuşy barada edilýän ýadawsyz aladalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Soňra «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Önümçilik-ylmy tohumçylyk assosiasiýasynyň prezidenti, GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory, akademik I.I.Kuzmine, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi A.S.Nurmuhammedowa we meşhur heýkeltaraş, Türkmenistanyň halk suratkeşi S.Babaýewe döwletimiziň iň ýokary sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurýar.
Akademik I.Kuzmin ýokary sylag üçin sagbolsun aýdyp, häzirki wagtda okgunly ösýän Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandygyny belledi. Şeýle-de ol ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda döredilýän ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Golaýda Aşgabatda iri forumlaryň — GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisiniň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp bolan A.S.Nurmuhammedowa we S.Babaýew hem, öz nobatlarynda, döwlet Baştutanymyza ägirt uly hormat-sarpasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, zähmetine berlen şeýle ýokary bahanyň olary mundan beýläk-de tutanýerli işlemäge ruhlandyrýandygyny, hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistana söýgüsini, buýsanjyny has-da artdyrýandygyny nygtadylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlise gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde örän möhüm soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, geljekde öňde durýan wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz ählihalk forumynyň gün tertibine girizilen soraglary ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşandyklary üçin ýygnananlara minnetdarlyk bildirip, biziň kabul eden milli maksatnamalarymyzyň baş maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekden ybaratdyr diýip belledi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ähli halkymyz bilen bilelikde bu beýik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyryljakdygyna berk ynam bildirdi. Biz bu işlerde şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar durmuşymyza, nurana geljegimize buýsanýan hem-de eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyna öwrülen ýaşlarymyza bil baglaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy belent maksatlaryň daşynda jebisleşdirip, öňe alyp gitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna aýratyn ornuň degişlidigini belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň jemini jemläp, berkarar döwletimiziň gülläp ösüşini üpjün etmekde, bagtyýar durmuşyny gazanmakda uly wezipeleriň öňde durýandygyny aýtdy we amala aşyrylýan giň gerimli, tutumly işlere ýurdumyzyň her bir raýatynyň agzybirlikde, jebislikde gatnaşyp, mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan durmuş, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmençilikde köp nakyllaryň bardygyny aýdyp, “Ýagşy niýet — ýarym döwlet”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”, “Agzybire Taňry biýr”, “Köpüň dilegi köl bolar”, “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz”, “Arkalaşan dag aşar”, “Ýoly ýörän ýeňer”, “Ýagşydan at galar”, “Döwletliden döwlet ýokar”, “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn”, “Söýenişen ýykylmaz”, “Akylly iş — ganatly guş” ýaly parasatly sözleri mysal getirdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna eýerip, ertir agzybirlikde Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka bermek baradaky teklip bilen ýüzlendi. Bu teklip biragyzdan goldanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.
Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlandy.
***
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soňra, Maslahat köşgüniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy, şeýle hem umumymilli forumda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny we ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen gutlady.
Soňra döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar. Bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçirilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen Halk Maslahatynyň mejlisi mähriban halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. Şeýle giň möçberli çäre jemgyýetimiziň mundan beýläk-de jebisleşmegine oňyn täsir edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri ýetip gelýän baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, olara eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
TDH, 24.09.2024