Daýhanbank döwrebap hyzmatlaryň gerimini giňeldip
E0oimdXCVrJ1xUqDTlNJXVikmXldb2U1VGGvYmNcMN3kmFAj7t_1731996794.jpg
497
08.11.2024

Türkmenistanda alnyp barylýan oňyn pul-karz syýasaty esasynda bank ulgamynda täze sanly bank hyzmatlarynyň dürli görnüşleri ornaşdyrylýar we raýatlara yzygiderli hödürlenilýär. Sebäbi adam üçin iň gymmatly zatlaryň biri wagtdyr. Bank ulgamynyň sanly hyzmatlaryndan peýdalanyp, her bir raýat öz wagtyny tygşytlap bilýär. Bu, öz gezeginde, ulgamyň işini kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan işleriň halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilendigine şaýatlyk edýär.

       Ýurdumyzyň beýleki karz edaralary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň, kiçi we orta telekeçileriniň önümçilik maksatly maýa goýum taslamalaryny merkezleşdirilen serişdeleriň hasabyna ýeňillikli şertlerde, bankyň özüniň we çekilen serişdeleriniň hasabyna karzlaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdirilip, gerimi has-da giňeldilýär. Bank tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ykdysadyýetiň döwlet eýeçiligine degişli bölegine 4,5 milliard manat, döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk bölegine we raýatlara 3,4 milliard manat möçberinde karzlar berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary esasynda, raýatlara şäherlerde, etrap merkezlerinde, şäherçelerde, oba ýerlerinde hususy ýaşaýyş jaýlaryny, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri satyn almak üçin uzak möhletli karz serişdeleri berilýär. Ýanwar — oktýabr aýlarynda şu babatda raýatlar üçin 1,1 milliard manat möçberinde karz serişdeleri goýberildi.

       «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän «Talyp karzy» ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilikli başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň okuw töleglerini tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär. Bu karz ýyllyk 5 göterim bolup, 3 ýyl möhlet bilen 42 müň manada çenli berilýär. «Talyp karzy» hyzmatyndan peýdalanmak isleýän müşderileriň ýüztutmalary we degişli resminamalary bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi web saýty arkaly onlaýn görnüşde hem kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ilata ähli babatda döwlet goldawlaryny bermek baradaky tagallalaryndan ugur alyp, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky maşgala toý-dabaralaryny geçirmek üçin «Toý karzy» hyzmatyny-da hödürleýär. Karzyň bu görnüşi ýyllyk 10 göterim bolup, 3 ýyl möhlet bilen 100 müň manada çenli berilýär. Bu hyzmatdan peýdalanýan raýatlar maşgalalarynyň iň bagtly günlerini göwün islegindäki ýaly geçirmäge mümkinçilik alýarlar. Ilatyň erkin pul serişdelerini banka möhletli we talap edilýänçä görnüşli goýumlara çekmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň 1-nji noýabry ýagdaýyna görä, bankyň «Internet bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 414,8 müňe deň boldy. «Mobil bank» hyzmatyna birikdirilenleriň sany bolsa 15,8 müňden geçdi. Şeýlelikde, bu görkezijiler, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 10,7 göterim we 13,5 göterim artdy. Munuň özi bankyň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, oňyn netijeleri gazanýandygyna şaýatlyk edýär.

      «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, sanly ulgamy ösdürmek, bank hyzmatlarynyň ugurlaryny giňeltmek, elektron tölegleriň görnüşlerini artdyrmak, menzilara bank hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň fiziki şahslar üçin niýetlenen «Menzilara bank» ulgamyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Bank hyzmatlarynyň bu görnüşi nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine ýardam berýär. Fiziki şahslar üçin niýetlenen «Menzilara bank» ulgamy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan hem-de ýurdumyzyň çäginden daşarda saglygynyň barlanylmagy we bejerilmegi zerur bolan raýatlarymyz üçin milli puly daşary ýurt puluna çalyşmaga, şol sanda halkara «VISA», «MasterCard» kartlarynyň hasaplaryny onlaýn görnüşde doldurmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ol ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly tölegleri geçirmäge, hasaplaryň galyndysyny barlamaga, olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň, depozitleriň töleg tertibini görmäge, karz serişdelerine gözegçilik etmäge, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşmaga mümkinçilik berýär. Şu ýylyň 1-nji noýabry ýagdaýyna görä, «Menzilara bank» ulgamyna birikdirilen müşderileriň sany 4,1 müňe ýetdi.

     Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasynyň 2 müň manat möçberinde, nah pagtanyň bir tonnasynyň bahasynyň 5 müň manat we ýüpek pagtanyň bir tonnasynyň bahasynyň 6 müň 700 manat möçberinde bellenilmegi, şeýle-de döwlet buýurmasy boýunça ösdürip ýetişdirilýän pagtanyň el bilen ýygylmagy üçin bahanyň nah pagtanyň bir kilogramyna 1 manat we ýüpek pagtanyň bir kilogramyna 1,20 manat möçberinde bellenilmegi örän guwandyryjydyr. Şu ýylyň bugdaý hasylynyň hasaplaşyklarynyň guramaçylykly geçirilmegi üçin «Daýhanbankyň» etrap şahamçalarynda «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň garamagyndaky kärhanalara ýeňillikli karz ugurlary açyldy we önüm öndürijilere hasaplaşyklaryň wagtynda, bökdençsiz geçirilmegi amala aşyryldy. Bu bolsa gallaçylaryň gaýratly zähmet çekip, bugdaý hasylynyň öz wagtynda ýygnalmagyna uly goldaw berdi. 2024-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi olaryň netijeli zähmete höwesini has-da artdyrýar.

      Bankymyz oba hojalyk pudagynda karzlaşdyrmak boýunça hem netijeli işleri alyp barýar. Şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara goldaw bermek maksady bilen, bellenilen tertipde bölünip berlen melleginde (ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek, iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek üçin 30 müň manat möçberinde, ýyllyk 10 göterim bilen esasy bergi boýunça 6 aý ýeňillikli döwri bolan, 3 ýyla çenli möhletde, nagt däl görnüşde kiçi möçberli karz serişdelerini bermek ýola goýuldy. Mundan başga-da, bank tarapyndan raýatlara karzlaryň we goýumlaryň birnäçe amatly, ygtybarly we elýeterli görnüşleri hödürlenilýär. Şolaryň hatarynda «Galkynan daýhan», «Altyn asyryň daýhany» ýaly goýumlary-da görkezmek bolar.

     Beýleki karz edaralary bilen bir hatarda, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilýän ýerli önümçilikleri goldamak üçin telekeçilere we beýleki hususy taraplara önümçilik maksatly karz serişdeleri berilýär. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik işini guramak we giňeltmek maksady bilen berlen karzlary görkezmek bolar. «Miwe» paýdarlar jemgyýetiniň düzümine «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleri girýär. Paýdarlar jemgyýetine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde döwlet tarapyndan 1 müň 200 gektar ýer bölegi bölünip berlip, onda miweli baglar ösdürilip ýetişdirilýär. Bankyň beren karz serişdeleri esasynda ýyladyşhana gurlup, «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetinde banan önümçiligi hem ýola goýuldy.

     Ýurdumyzda bank işini ösdürmäge we bu ugurda ilata edilýän hyzmatlary has-da döwrebaplaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Altyn DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň baş hünärmeni