![lEmPwyHfgmf6ImclrzMvoncr8S9wmdTsamMFj1mJR8ytwckZ5L_1735907901.jpg](http://dayhanbank.gov.tm/storage/post/large/lEmPwyHfgmf6ImclrzMvoncr8S9wmdTsamMFj1mJR8ytwckZ5L_1735907901.jpg)
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini
geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň
Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy, ilki bilen, deputatlaryň
adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýetip
gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, 2025-nji ýylyň rysgal-berekedi
bilen abadan ýurdumyza uly üstünlikleri we rowaçlyklary getirmegini, döwlet
Baştutanymyzyň, Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny
arzuw etdi.
Soňra D.Gulmanowa geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny
kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de
hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň taryhy, gazanýan
ösüşleri, halkara gatnaşyklardaky üstünlikleri bilen bagly möhüm wakalar
mynasybetli her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň
gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşa
geçirilmegi netijesinde halkara giňişlikde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk
hukuk derejesiniň ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar we täze many-mazmuna eýe
bolýar. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, deňhukuklylyk, özara düşünişmek,
hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary
syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar.
2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly
geçirilen işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden,
ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we
raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti
zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we
ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda, Milli Liderimiziň gymmatly
maslahatlaryna eýerip hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli, 2025-nji ýyly «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary
taýýarlanyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna geljek ýylyň nyşany
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň
şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň
halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip
edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Bu çözgüt şowhunly el çarpyşmalar
bilen garşylanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden
bellenilip geçiljekdigini, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä
döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli
dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet
toparynyň döredilendigini nygtap, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylyk
etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly çäreleri ýokary
derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleriň
durmuşa geçirilendigini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da
rowaçlanandygyny, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň
halkara derejede giňden toýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi we şu ýylyň
jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp
tamamlandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi
mirasynyň, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileýi
bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem
ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jeminiň
jemlenýändigini nygtap, bu kitabyň mähriban halkymyza mynasyp sowgat
boljakdygyny aýtdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi.
Ol hormatly
Prezidentimiziň şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tamamlanyp barýan
2024-nji ýyldaky örän wajyp mejlisini geçirýändigini we onuň dowamynda döwlet
Baştutanymyzyň ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýe bolan meselä seredendigini hem-de
2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan
edilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler
ministri hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de mejlise
gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi
ýaly, 2025-nji ýylyň Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Milletler
Bileleşiginde öňe süren möhüm halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde kanunalaýyk
durmuşa geçirilmeginiň dünýä derejesindäki ykrarnamasy bolup durýar. Mälim
bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 86 döwletiň
awtordaş bolup çykyş etmeginde 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly» diýip biragyzdan yglan etdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň
Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly
baradaky başlangyjynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy, milletiň atasy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yglan
edilen döwletara gatnaşyklardaky täze filosofiýanyň logiki dowamy we iş ýüzünde
durmuşa geçirilmegi bolup durýandygyny belledi. Häzirki wagtda dünýä
jemgyýetçiligi bu syýasy-filosofik garaýşy «Dialog — parahatçylygyň kepili»
hökmünde kabul edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, syýasy taýdan örän ähmiýetli
aýratynlyga eýedir.
Nygtalyşy
ýaly, 2025-nji ýyl halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda örän möhüm ýyllaryň
biri bolar. Geljek ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli derejedäki
maslahatlar, mejlisler, dabaralar, bäsleşikler, sergiler hem-de beýleki çäreler
geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň halkymyz,
jemgyýetimiz we döwletimiz tarapyndan halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde
guraljak ähli çäreleriň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylygynda
geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky aýdanlarynyň möhüm ähmiýetine
üns çekildi. Wise-premýer, daşary işler ministri 2025-nji ýylda Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň ýolbaşçylygynda döwletimizde we daşary ýurtlarda
meýilleşdirilýän dürli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin
ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny
ýazmak bilen, Ministrler Kabinetiniň şu günki taryhy mejlisinde tutuş türkmen
halkyna we daşary ýurtlaryň halklaryna Täze ýylyň bosagasynda örän uly sowgat
etdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2024-nji
ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýär. Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik nusgawy şahyryň
döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygyny alamatlandyrýan,
parahatçylygyň, ösüşiň binýady bolup hyzmat edýän, halklary we döwletleri
birleşdirýän filosofiýasy bütin dünýä ýaň saldy. 2024-nji ýylyň oktýabrynda
Aşgabatda guralan halkara forum, şeýle hem ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda
we daşary ýurtlarda geçirilen halkara çäreleriň ýüzlerçesi munuň aýdyň
mysalydyr. Wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan
hormatly Prezidentimizi täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden
gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, mundan beýläk-de döredijilik
üstünliklerini arzuw etdi.
Döwlet
Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, 2024-nji ýylyň
tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň
taryhynda ebedi galjakdygyny belledi. “Geçip barýan ýylda biz Ministrler
Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerini, şeýle hem dürli döwlet
maslahatlaryny geçirdik. Bu mejlislerde, maslahatlarda döwletimiziň içeri we
daşary syýasatyna degişli möhüm soraglara seretdik” diýip, hormatly
Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin
maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ähli pudaklarda ýokary ösüş
depginleriniň gazanylýandygyny, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek
pullarynyň, talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleriniň öz wagtynda
maliýeleşdirilendigini, döwletimiziň ösüşini üpjün edýän täze kanunlaryň kabul
edilendigini nygtady. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen
döwletdir!» diýen syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz
döwletimiziň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň,
iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşyklary dowam edýär. Bitarap Watanymyz abraýly
halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen
netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Guramanyň Baş Assambleýasynyň
birnäçe Kararnamalary Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen taýýarlanyldy we
kabul edildi» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýylyň baýram edilýän
günlerinde ähli gulluklarda nobatçylyk tertibiniň ýola goýulmagyny, baýramçylyk
günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň,
hassahanalaryň, dükanlaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi,
raýatlarymyzyň gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçmekleri üçin
ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hemmeleri täze — 2025-nji ýyl bilen tüýs
ýürekden gutlady hem-de geljek ýylda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
has-da gowulandyrmak, berkarar döwletimizi ösdürmek ugrunda alyp barjak
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.