"Owerdraft" bank karzy
gCeR4vLVZ4y6AFvSRWMvqcBsiMDp1olW6Wg9BFUtmJ5DeeTDzE_1641725203.jpg
205
09.01.2022

Hormatly müşderiler!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, raýatlarymyzy maliýe taýdan goldamak maksady bilen, «Altyn asyr» bank kartyny saklaýjy müşderilerine «Owerdraft» bank karzyny hödürleýär.

«Owerdraft» bank karzy - bu ýyllyk 10 (on) göterimli, bankyň müşderileriniň «Owerdraft» bank kart hasabynyň üsti bilen berilýän gysga möhletli karz bolup, karz alyjynyň zähmet hakynyň möçberiniň 50 (elli) göteriminden ýokary bolmadyk möçberinde berilýär.

Müşderileriň «Altyn asyr» bank kart hasabyna zähmet haky geçirilenden soňra, «Owerdraft» kart hasabynyň üsti bilen berlen karzyň esasy bergisi we oňa hasaplanan göterimleri awtomatiki usulda tölenýär.

«Owerdraft» bank karzy şertnama esasynda 1 (bir) ýyl möhlete resmileşdirilip, her 30 (otuz) günden köp bolmadyk döwür aralygyny öz içine alýar.

Eziz ildeşler! Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, Sizi «Owerdraft» bank karzynyň amatlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýar!

 

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

 

  Aşgabat şäheri: 38-03-79, 24-44-55;38-02-83.

                                                         Ahal welaýaty: 8-00137-33-4-39;

                                                         Balkan welaýaty:8-00246-5-21-51;

                                                         Daşoguz  welaýaty: 8-00322-9-35-07;

                            Lebap welaýaty: 8-00422-9-13-48;

                                                         Mary  welaýaty: 8-00522-6-76-40.