Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady
CBcO8Fci4w1NR1dHrR9okfZtDDI1IWcZzjJQ66Q68oNpPaqKxD_1644557690.jpg
319
11.02.2022

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap hem-de şäher Halk Maslahatlarynyň agzalary gatnaşýar.

Mejlisde 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşylar hem-de öňümizdäki 30 ýyl üçin iň möhüm wezipeler kesgitleniler, şeýle hem mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etjek döwlet durmuşynyň örän möhüm meselelerine garalar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň işi iki bölekden ybarat bolup, onuň arakesme wagtynda toý sadakasy berler. Şondan soňra bolsa, Halk Maslahatynyň mejlisi dowam eder. Onuň barşynda 2022 – 2052-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Bu Maksatnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň milli ösüşiniň senenamasynda taryhy waka öwrüler.