Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky işewürlere täze hyzmatyny hödürleýär
IBNAVpSISddtCiNc3JcAXrKAbRWzf2xbdoWjgDNj4cgU32A7A1_1655384960.jpg
1272
16.06.2022

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky işewürleri hasaplaryny döwrebap we ýönekeý usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Menzilara bank hyzmatlary» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar.

Bu hyzmat ulgamy işewürlere ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly töleglerini geçirmäge, hasaplarynyň galyndysyny barlamaga we olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň hem depozitleriň töleg tertibini görmäge mümkinçilik berýär. Bulardan başga-da, işewürler banka gelmezden, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşyp hem-de dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirip bilerler.

Işewürler «Menzilara bank hyzmatlary» ulgamyny birikdirmek üçin, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Müşderiler tarapyndan degişli resminamalar doldurylandan soňra, bankdan alnan ulanyjynyň adyny we açarsözüni ýörite internet-sahypadaky salgylanma girizip, bu hyzmatdan peýdalanyp bilerler.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň «Menzilara bank hyzmatlary» ulgamy işewürlere pul serişdelerini ygtybarly dolandyrmaga we wagtlaryny tygşytlamaga ýardam berer.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 38-02-55, 38-02-33, 38-01-37.