Türkmenistanyň Döwlet maslahatynyň mejlisi
U1OUxnwmpOjFMdIqZdTzdNPbZ8oJM8xJAkAMKlSbGc2YmItuEq_1663945635.jpg
2274
23.09.2022

Şu gün paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet maslahatynyň mejlisi geçirildi. Watanymyzyň  durmuşynda şanly waka bolan umumymilli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.  

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan toplumlaýyn durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň özi nesilleriň hem-de döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döredijiligiň hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk baýramy mähriban halkymyzyň durmuşynda diňe möhüm sene bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geçen ýolumyza baha bermek, gazanan üstünliklerimiziň ähmiýetine düşünmek we öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir.

(TDH 23.09.2022 ý)